Текст песни
Emin Rasen - Oglum
Uran ýürek, hem bedenim,
Baglagyly sende demim,
Sen menden, men-de seniň,
Sen bitin, mende kemim,
Herzeçiliň, ketçeligiň, iri gözüň, süýjüligiň,
Ýörjen-ýörjen daýanyp gelip,
Jany söker her güleniň.
Sen ýekeje begenjim,
Altyn-kümüşli genjim,
Bary geçer bererdim,
Dagy ýykar bu pendim,
Kiçelseň bil beýgeleriň,
Menlik bolmaz dünýede,
Zordan daş dur zeýreneriň,
Naklym tutgun diňlede,
Pany dünýä ýanawma (ýanaýma),
Gül göreňde ýolawma (ýolaýma),
Duşmandan suw alawma (alaýma),
Nähak ýola galawma (galaýma),
Aklyň çekmez çagakaň,
Beýgelen soň ýene-de ham(ýetişmedik)
Her dost bolmaz jana-jan,
Depede bir allaň patyşaň,
Namysa ölseň gynanma,
Käsipsizlere buýsanma,
Ýalan sözlere gylanma,
Zordan güýç bilen sylanma,
Açma saçak harama,
Açan alar balana,
Ýüzüňe çeker garany,
Duza berer ýaraňy.
Arakdanam haram ýetimiň haky
Iýen, içen,
Biçen, alan,
Uran, ýykan,
Diken, salan,
Sowan, kowan,
Depen, çakan,
Gülen, bakan,
Ýykan, kakan,
Göwni döwen, hakyny ýakan,
Doýmar-da düşer gapy.
Dem bedende amanat,
Hemme bende parahat,
Öldi gitdi ganagat,
Ederdi baýa garat,
Söndi gitdi adalat,
Dilde boldy garamat,
Köňüllerde şykaýat,
Günde günde-de aýat.
Gaýtalama:
Bir eneňdi ah diýeňde wah diýen,
Bir ataň utduraňda ah diýen,
Bir dostuň yzdady,
Soňky dostuň-gardaşyň،
Köp dostuň, köpüsi, köpüsi köpüsi, bil,
Jigiki gepiň dosty bitin aşdaşyň.